Ahmet Yasavıda Katarsis Ya-Da Tämizlenmek - Azer HASRET - TURAN-SAM : TURAN Stratejik Araştırmalar Merkezi - http://www.turansam.org









Ahmet Yasavıda Katarsis Ya-Da Tämizlenmek - Azer HASRET
Tarih: 21.06.2011 > Kaç kez okundu? 3177

Paylaş


Prof. Dr. Nurullah ÇETİN (ncetin64@hotmail.com), Ankara Üniversitesi



“Katharsis”, sözi manı taydan “arassalanmak” ya-da “tämizlenmek” diymekdir. Köne çag Grek pelsepesinde ruhuň, nebisden, ayratın-da zeperli hıcuvlardan tämizlenmegi manısında ulanılıpdır. Pifogor tarapdarları bolsa katharsisi, sazıň üsti bilen ruhıň günälerden tämizlenmegi diyip ulanıpdırlar.



Aristoteliň Poetika eserinden bäri katharsis sungat yolı bilen duygılarıň boşadılmagı, adamıň acayıp tecribeleriniň üsti bilen ters duygılarından tämizlenmegi manısında ulanılıp gelyändir. Sungatıň vezipeleriniň biri, adamda arassalanmagı başarmakdır.



Katharsis, Günbatar medenyetinde köplenç sungat bilen amala aşırılyan tämizlenmek işidir. Aristotel, Poetika eserinde adamlarıň erbetliklerden tämizlenmegi üçin teatr görmeklerini, teatr bilen yüzleşmeklerini, sungat bilen gızıklanmaklarını isleyär: Teatr göryän adam, teatrda bir tarapdan özüni göryän yalı bolar, ondan sapak alıp erbetliklerden tämizlenyär.



Adamlarıň vagtal vagtal bilip ya-da bilmän, eden erbetliklerinden birahat bolmagı, vıždanı bilen hasaplaşmagı, puşmanlık duymagı, gaydıp almagı, adamzadıň ayratınlıklarından biridir. Şol sanda dinlerde erbetligiň adı “günädir”. Şeylelik bilen dinler, ınsanlarıň eden günälerinden arassalanmaklarını köp maslahat bererler; hat-da toba eden, arassalanan ınsan has makul bir dindardır.



Islam medenyetinde-de musulmanıň eden günälerinden, erbetliklerinden tämizlenmegi diyseň islenyän zatdır. Islamda tämizlenmegiň iň möhüm yollarınıň biri toba etmekdir. Musulman toba edip-edip, arassalanıp arassalanıp, iň govı ınsan bolmak ugrında yol alyar.



Şol esasdan hem Ahmet Yasavınıň pähimlerinde tämizlenmek motivlerine kop yer berendigini göryäris. Yasavınıň tämizlenmek işine nähili çemeleşyändigini, nähili metodlar bilen tämizlenmäge çagıryandıgını pähimleriniň üsti bilen yüze çıkarmaga çalışalı.



1. Fenafillah Bolup Tämizlenmek



Fenafillah, Musulmanıň öz barlıgını Allanıň barlıgında eredip men-menliginden yüz övrüp, ähli tarapdan Alla boyun egmegi, ıradasını ılahı ırada içinde yok edip ähli tarapdan boyun egmegidir. Şol sebäpli hem mistikada fenafillah ulı mertebedir ve ınsanıň günälerden tämizlenmeginde bu mertebe möhüm basgançakdır. Günä ve erbetlikler, adamınıň nebisiniň men-menlik etmeginden gelyändir. Nebsiň men-menlik etmeginden yüz ovürmegi diymek günälerinden tämizlenmegi diymekdir. Dogrudan hem Ahmet Yasavı bir pähiminde şeyle diyyär:



“Adım sanım hiç galmadı, lal boldum

Alla yadını diye diye illä boldum;

Halıs bolup, garrı bolup erbet boldum;

Fenafillah mertebesine beygeldim ine” (sah. 58)



Bir adamıň adınıň sanınıň galmazlıgı, özünden, namısdan, şan-şöhratından, özüne gövni yetmekden, başı diklikden uzaklaşmagı diymekdir. Halıs garrı yagdayda erbet bolmak, dünyä degişli ähli isleglerden, peydalardan yüz övürmegi, özüni ähli taydan Alla bermegi diymekdir. Beyle adam bolsa, tämiz, ruhı ve kalp taydan bagtııarlıga yetdi diymekdir.



2. Gedemligi Terk Edip Tämizlenmek



Gedemlik, özüňi ulaltmak diymekdir. Yagnı adamıň özüniň başga adamlardan üstünlige, ayratınlıga, beyiklige eyedigine ınanmagı diymekdir. Bu düşünce, Islama düybünden tersdir. Sebäbi Islamda yeketäk beyik bardır ol hem yaradıcı Alladır. Ähli ınsanlar bolsa yaradılan barlıklardır ve bu yagdayda deňdirler. Yaradılan gul bolan ınsan, kemçilikler ve yalňışlıklardan doludır. Özi yalı yaradılan beyleki ınsanlardan özlerini üstün, beyik hasap edip bilmeyär ve şu yagday bilen hem abraylanıp bilmeyär.Şeyle eden yagdayında zulum, haksızlık ve erbetlik etmegi üçin mümkinçilik därär. Muňa mısal hökmünde Faraovn, özüni beyleki ınsanlardan beyik gördi; hat-da özüni Taňrı diyip ıglan etdi ve bu aldav bilen ınsanları elhenç kösedi ve zulum etdi. Şonuň üçin Islam, gedemlik ve özüňi beyik saymak temasında Faraonı erbet mısal hökmünde beryär.



Ahmet Yasavı bu Islam düşüncesine baglı bir Türk (Türkmen) akıldarı hökmünde goşgılarında bu temaları ele alıpdır. Gedemligi terk edip tämizlenmek ve bu ugur bilen iň govı adam bolmak yolunı tutupdır. Bir pähiminde şeyle diyyär:



“On üçümde nebis arzuvına gapıldım;

Nebis başına yüzmüň bela tutıp saldım;

Gedemligi yere urıp yeňip bildim;

On dördümde toprak kimin boldum ine” (sah. 68)



Toprak kimin bolmak, kiçi gövünli bolmakdır. Toprak nähili başı göklerde däl-de yerlerde serilgi yagdayda ve hiçhili beyiklik görkezman sessiz-üynsiz, kiçi gövünli yagdayda ızıgiderli mive, ir-iymiş yalı peydalı gımmatlıkları öndürmäge dovam edyän bolsa, gedemlikden arassalanan adam hem şeyle bolar.



3. Aglap Tämizlenmek



Ahmet Yasavı, goşgılarında köp yerde aglamak barada aydyar. Aglamak, puşman etmegiň, utanmagıň, nebis agrıcılıgıň, duygılanmagıň, tukatlanmagıň, yalňışlarıň, kemçilikleriň bilinmegi diymekdir. Aglamak, yüregi yukalıgıň, merhemetiň, ägirtligiň, duygı taydan çuňňurlıgıň, yagnı ınsan bolmagıň alamatıdır. Aglamayan adam, yüregi daş yalı gatı adamdır, duygusızdır, ruhsuzdır. Beyle adamlar, yeňillik bilen zulum ve erbetlik edip biler. Eden erbetliklerine puşman edip aglayan adam toba edip, gaydıp beyle erbetlikleri, günäleri yalňışlıkları etmecekdigine söz beryär diymekdir. Bu hem tämizlenmegiň bir görnüşidir.



Ahmet Yasavı, aglap tämizlenmek motivine bir pähiminde şeyle yer beryär:



“Gul Hoca Ahmet, kırka girdiň gır nebsiňi;

Bu yerde aglap ahıretde tämizle özüňi;

Iman yeri şerigatdır, tarikat bil esasını;

Tarikata giren Hakdan nesip aldı dostlar” (sah. 80)



Ahmet Yasavı hiç özüni beygeltmän, gedemlik etmän, diyseň kiçi gövünlik bilen özüni “Gul Hoca Ahmet” diyip atlandıryar. Bu yerde aglap ahıretde tämizlenmek motivi möhümdir. Adamzat ahıryetde cezasını alıp dovzaha girmek islemeyän bolsa, bu dünyäde eden günälerinden, erbetliklerinden tämizlenmeli, arassalanmalı, toba etmeli.



4. Toba Edip Tämizlenmek



Toba etmek, Musulmanıň bilip ya-da bilmän eden günälerine puşman edip Alladan bagışlamagını islemekdir. Käbir ayatları okap, toba edilişi yalı, sessizce içden-de toba edilip biliner. Toba gelmek, puşman etmek, gaydıp almak, şol bir günäleri, erbetlikleri täzeden etmezlige söz bermek diymekdir. Şeylelik bilen hem toba, ınsanıň özüni tankıtlamagıdır. Iň govı tämizlenmek yollarınıň biri, adamınıň başgasını zor bilen , ceza bilen ya-da başga yol bilen däl-de, özüni tankıtlap, öz-özüni yetişdirmegi-de öz özüni tämizlemegidir. Ahmet Yasavı bu temada hem kop durupdır. Ol pähimleriniň birinde şeyle diyyär:



“Günäleriňe toba kılıp aglayıp yöre sen;

Giderin diyip yol başına barıp dur sen;

Gidenleri görüp hem tecribe al sen;

Tecribe alsaň, yatan yeriň bolar gülzar” (sah. 138)



Soňı erbet bolan adamları görüp olardan tecribe almak, toba etmegiň sebäpleriniň biridir. Bütin ömründe erbetlik ve günä eden ınsanlarıň soňı bilen perişan bolmakları, cezalandırılmakları, dovzaha gitmekleri beyleki adamlar üçin mısal bolar. Onı gören ınsanlar toba edip olar yalı adam bolmak islemeyärler. Şol sebäpli hem toba etmek Islamda tämizlenmegiň esası ugurlarınıň biridir.



5. Söyginiň Üsti Bilen Tämizlenmek



Söygi umumı manıda bir adamınıň başga bir zadı halamagı diymekdir. Insanıň tebigatı, hayvanları, gülleri, işlemegi, sungatı, bilimi; gısgaça aydanımızda ähli zadı şeyle halamagı umumı manıda söygidir. Emma biziň medenyetimizde söygi termini, ınsanıň garşı cınsını ya-da Allanı halamagı hökmünde yayrandır. Türki edebiyatımız, zenan ışgı ve Alla söygüsi temalarından diyseň baydır.



Söygi bilen tämizlenmek nähili bolyar? Aşık bolan adam, garşısındakı ınsanıň gımmatını, vacıplıgını çuňňur duyar. Söygi, adamıň duygılarını ösdüryär, terbiıeleıär. Halamagıň näme diymekdigini bilyän adam, başgalara erbetlik etmekden çekiner. Ayratın hem Alla söygüsi çuňňur bolan ınsan, erbetlik ve günä etmekden diyseň çekinär. Adamda Alla söygi näçe çuňňur bolsa şonça-da govı adam bolyar. Şol sebäpli hem mistikada ılahı söygi bilen tämizlenmek, diyseň vacıp vakadır. Ahmet Yasavı bir pähiminde şeyle diyyär: “Dertsiz ınsan ınsan däldir, muňa düşün;



Işksız ınsan hayvan cınsıdır, munı diňle;

Gövnüňizde söygi bolmasa, maňa agla;

Aglayanlara hakıkı söygimi bagışladım”



Yasavı, söygisi bolmayan ınsanlarıň hayvandıgını aydyar ve bu dogrudır. Insan-da hayvan-da canlıdır ve ikisi-de iyip-içer, dem alar. Emma aralarındakı bir tapavut, adamıň aňlı ve duygulı bolmagıdır. Söygi, beyik aň ve çuňňur duygudır. Bu, hayvanda yokdur. Hayvanlar diňe cesetleri bilen baglıdırlar, maddı zatlar bilen çäklendirilendirler. Insan bolsa biyologiki barlıgınıň hem arkasında ruhı dünyäsi bilen, duygular bilen, düşünceler bilen, medenyet bilen, sungat bilen, ılım bilen hem gızıklanyandır. Esasan hem ruhı dünyäsi tarapından manı gazanar. Söygi, barlıgı düybünden duymak, bardıgını bilmekdir. Hayvanda bu yokdur. Yasavınıň “Işksız ınsan hayvan cınsıdır, munı diňle” setirleri, Türk dilinde ovadan bir söz bilen şeyle aydılyar: “Aşık bolmayan eşek bolar.”



Söygi, başgasını halamak ve onuň üçin ähli zatdan geçmek diymekdir. Söygi, başgalara erbetlik däl-de govulık etmäge gönükdiryär. Söygi, ägirt, çuňňur, adamçılık duygılarını ösdiryär. Şeylelik bilen hem ınsanıň gödekliklerden, erbetlik etmek isleglerinden ve duygularından tämizlenmegi üçin söyginiň çuňňurlugını duymagı hökmanıdır.



6. Nebis Terbiyesi Bilen Tämizlenmek



Islam pelsepesinde nebis ve şeytan, ınsanı günälere ugrukdıryan iki esası zatdır. Bu dünyä ar almak dünyäsidir. Nebis ve şeytan, ınsanı günälere ugrukdıryar emma adam bular bilen göreşip govı musulman bolyar, yagnı govı adam bolyar. Nebis ve şeytanı göreşde yeňen kişi sınagı geçdi diymekdir. Şol sebäpli hem nebis ve şeytan bilen göreşmek, tämizlenmäge ımtılmak diymekdir. Tasavvufda nebsi terbiyelemek üçin birnäçe ugur ulanılyar. Nebis, adamınıň içinde bar bolup adama erbetlik edyän duşmandır. Şol sebäpli hem Musulman, ömrüniň soňuna çenli bu nebisi bilen göreşmeli bolyar.



Ahmet Yasavı köp goşgılarında nebisi yamanlapdır, nebis bilen göreşmegi esası vezipe bilipdir. Ol, nebisiň adama nähili erbetlikler etcegini sanap geçipdir. Bir pähiminde şeyle diyyär:



“Nebis yoluna giren kişi masgara bolar;

Yoldan azıp, gezip tozan samsık bolar;

Yatsa, tursa, şeytan bilen yoldaş bolar;

Nebsi dep sen, nebsi dep sen, ey bed-girdär(erbet häsiyetli)



Nebsiň seni soňkı demde garıp kılar;

Din öyüni yagmalayıp harap kılar;

Ölen vagtıň imanıňdan ayrı kılar;

Akıllı bolsaň pis nebisden bol sen bizar” (sah. 136)



7. Yagşılık Edip Tämizlenmek



Hoca Ahmet Yasavı govı Musulman bolmagıň yollarınıň biriniň hem garıplar ve yetimler bilen gızıklanmakdıgı barada aydıp geçipdir. Şu pikirden hereket edenimizde bu herekediň ınsan ruhunda merhemet bilen yumşaklık döretcegini ve şeylelik bilen merhemet eden, yüregi yuka bolan ınsanıň tämizlenmek yolunda möhüm ädimleri geçcekdigini ayratın bellemek isleyär. Bir pähiminde şeyle diyyär:



“Akıllı bolsaň garıplarıň gövnüni avla;

Mustapa yalı yurdı gezip yetim gözle;

Dünyä ınanyan asılsızlardan yüz övür;

Yüz övrüp, deňiz bolup çovdum ine” (sah. 54)



Bu yerde dünyä paraz bedasılları däl-de ayratın hem garıp ve yetimler bilen gızıklanmagıň möhümligini belleyär. Sebäbi adam şeyle eden yagdayında, dünyäparazlıkdan, bu dünyäni pikir etmekden yüz övrer, garıp ve yetimleriň yagdayına düşüner, olara merhemet eder, kalbı yumşar ve erbetlik etmek ähtimalı hem azalar. Deňiz bolup daşmagı, duygı ve ruhı dünyäsi taydan baylaşmagı diymekdir. Yuka yürek, merhemet duygusı köp bolan ınsan, edil soňsuzlıga yeten yalı bolyar. Şeylelik bilen hem günä ve erbetliklerden tämizlenmegiň yollarınıň biri musulmanıň köpçülikleyin vezipelerini bilip kömege mätäç bolanlara kömek etmegi, seredilmäge mätäç bolanlar bilen gızıklanmagıdır.



Netice



Hoca Ahmet Yasavı, Türk Halklarınıň musulmanlıgı övrenmeginde, yetişdirilmeginde täsiri gatı ulı bolan saylama şahsıyetlerimiziň, din ve tasavvuf beyiklerimiziň biridir. Ayratın hem pähimleri bilen bize asırlar boyı yol görkezipdir, yolumızı yagtıldıpdır, bizi dogrı yola çagırıpdır.



Erbetlik eden, günä eden ya-da edyän Musulman Türkleri (Türk Halkları) täsirli, az ve uz pähimleri bilen tämizlenmäge, toba etmäge, arassalanmaga, erbetliklerden yüz övürmäge, govı adam bolmaga çagırıpdır. Onuň tämizlenmek yollarınıň arasında; öz barlıgını Alla üçin yok etmek, gedemlik etmezlik, aglamak, toba etmek, beyik bir Alla söygüsini duymak, nebsi terbiyelemek, govulık etmek yalı yollar ayratın möhüm yerlere eyedir. Ähli bu metotlar, bize bizi yatladyan yagnı adamdıgımızı yatladyan, bizi hakıkı ınsanlıgımıza övrülmegimize çagıryan, metodlardır. Bu tarapdan ayratın hem bugünki ösen dövürlerde, materializmiň, bu dünyä ınancıň (beyleki dünyä ınanmazlıgıň), yüzley, görünen barlıklara gımmat bermegiň artan bu dövründe tämizlenmäge diyseň zeruretimiz bar ve bu temada bize Ahmet Yasavı iň govı görelde bolup bilcek alımlarımızıň biridir.



——————————–



1. Hoja Ahmet Yasavınıň pähimlerinden alınanlar ve gönükdirmeler şu çeşmeden boljakdır: Ahmet Yasavı (Pähimleri), Tayyarlan Ibrah’m Hakgulov, terjime eden ve yönekeylşdiren: Erhan Sezai Toplu, Bilim Ministrligi Çaphanası, Ankara 1998, sah. 54

2. A. Baki Güçli-Erken Uzun-Serkan uzun-Ü.Hüsrey Ioksal, Pelsepe Sözlügi, Bilim ve Sungat çaphanası.

3. Bu dünyäniň panıdıgına ınanmayan

Oxunma sayı: 33





Yorumlar








Aktif Ziyaretçi 14
Dün Tekil 790
Bugün Tekil 204
Toplam Tekil 1639746
IP 54.146.176.35






TURAN-SAM PRINTED ISSN: 1308-8041
TURAN-SAM ONLINE ISSN: 1309-4033
Journal is indexed by:

































































8 Rebiü'l-Evvel 1438
Aralık 2016
P
S
Ç
P
C
Ct
P
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31


Benim Hayatta yegane fahrim, servetim Türklükten başka bir şey değildir.
(Mustafa Kemal ATATÜRK)


Ekle Çıkar









Anasayfa - Amaç - Misyon - Vizyon - Faaliyetler - Tüzük - Yönetim - Yasal Uyarı - İletişim

Her Hakkı Saklıdır © 2007 - 2017 TURAN-SAM : TURAN Stratejik Araştırmalar Merkezi
Sayfa 1.692 saniyede oluşturulmuştur.

TURAN-SAM rssTURAN-SAM rss
Google Sitemap

Sayac

"Bu site en iyi mozilla firefox'ta 1280x960 çözünürlükte görüntülenir."

Turan Portal v1.3 | Tasarım TURAN-SAM , Kodlama Serkan Aygün

Turan Nedir?, Bilimsel Dergiler, En popüler Bilimsel Dergi, Endeksli Bilimsel Dergiler, Saygın Bilimsel Dergi, Türk Dünyasının en popüler ve en saygın Bilimsel Hakemli Dergisi, SSCI, SCI, citation index, Turan, Türk Devletleri, Türk Birligi, Türk Dünyası, Türk Cumhuriyetleri, Türki Cumhuriyetler, Özerk Türkler, Öztürkler, Milliyetçi, Türkçü, Turancı, Turan Askerleri, ALLAH'ın askerleri, Turan Birliği, Panturan, Pantürk, Panturkist, Türk, Dünyası, Stratejik, CSR, SAM, Center for Strategical Researches, Araştırma, Merkezi, Türkiye, Ankara, İstanbul, Azer, Azeri, Azerbaycan, Bakü, Kazakistan, Alma-Ata, Astana, Kırgız, Bişkek, Kırgızistan, Özbekistan, Özbek, Taşkent, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Aşxabad, Aşkabat, Ozbekistan, Kazakhstan, Uzbekistan, North, Cyprus, Kıbrıs, MHP, AKP, CHP, TURKEY, Turancılık, KKTC, Vatan, Ülke, Millet, Bayrak, Milliyet, Cumhuriyet, Respublika, Alparslan Türkeş, Atatürk, Elçibey, Bahçeli, Aytmatov, Bahtiyar Vahabzade, Yusuf Akçura, Zeki Velidi Togan, İsmail Gaspıralı, Gaspırinski, Nihal Atsız, Alptekin, Kürşad, Tarih, Kardeş, Xalq, Halk, Milletçi, Milliyetçi, Yürek, Ürek, Türklük, Beynelxalq, Arbitrli, Elmi, Jurnal, Nüfuzlu