Daşoguzda türkmen-özbek festiwaly açyldy - Azər Həsrət - TURAN-SAM : TURAN Stratejik Araştırmalar Merkezi - http://www.turansam.org









Daşoguzda türkmen-özbek festiwaly açyldy - Azər Həsrət
Tarih: 21.10.2010 > Kaç kez okundu? 3168

Paylaş


Daşoguz, TDH, 18.10.2010 – Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol biziň ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açmaga gönükdirilendir.



Ajaýyp Ruhyýet köşgüniň öňündäki baýramçylyk lybasynda bezelen meýdança festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu gün bu ýerde, Daşoguz şäheriniň beýleki köçelerinde we meýdançalarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklary parlaýar, ähli ýerlerde transparantlary we festiwalyň alamatlaryny, baýramçylyk äheňlerini görmek bolýar. Altyn güýzde saralan ýapraklar we oktýabr aýynyň arassa asmany, möwsüme mahsus bolmadyk ýumşak we ýyly howa hem meýdançada höküm sürýän ählumumy ruhubelentlik we hoşniýetlilik ýagdaýyna öz goşandyny goşýar. Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylary garşylamaga gelen daşoguzlylaryň ýüzlerçesiniň ellerinde milli baýdaklar, howa şarlary, gül desseleri bar.



Açylyş dabarasyna döwletleriň ikisiniňem hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Daşoguz welaýatynyň dolandyryş edarasynyň işgärleri, hormatly ýaşulular, köp sanly myhmanlar, ýaşlar gatnaşdylar.



Görogly köçesinden halkara festiwalyna gatnaşyjylaryň delegasiýalary biri-birleri bilen duşuşmaga ugraýarlar. Adamlaryň tolgunan şadyýan ýüzleri, biri-birlerini garşylap, ellerini galgadyşlary, tüýs ýürekden, açyk ýylgyryşlar — diňe hoşniýetli goňşular we öňden gelýän dostlar biri-birlerini şeýle garşylap bilerler. Däp boýunça ýer eýeleri özbek dostlaryny duz-çörek bilen garşylaýarlar we olary türkmen topragynyň sahyllyk bilen eçilen miweleri bilen hezzetleýärler.



Soňra ýygnananlaryň ähli ünsi Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdança gönügýär. Ol dabaranyň geçirilýän mahalynda uly bezemen sahna öwrülipdir, şol ýerde teatrlaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar, olarda Oguzhan we onuň ogullary baradaky rowaýaty janlandyrýan keşpler peýda bolýar. Dostlugyň, jebisligiň beýik güýji, biziň ata-babalarymyzyň möwritini geçirmeýän ruhy gymmatlyklarynyň häzirki günde, täze Galkynyş eýýamynda, türkmen döwletiniň döredijilikli we parahatçylyk ornaşdyryjylyk ýörelgelerinde, onuň daşary syýasat strategiýasynda öz beýanyny tapan ruhy gymmatlyklar owadan sahnanyň leýtmotiwine öwrüldi. Şol syýasat bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.



Bu ýerde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň festiwala gatnaşyjylara Ýüzlenmesi dabaraly ýagdaýda okalýar.



Döwlet Baştutanlarynyň Ýüzlenmesinde türkmen we özbek halklarynyň taryhy we ruhy kökleriniň, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň umumylygy, garyndaşlyk gatnaşyklary, diliň, mentalitetiň ýakynlygy nygtalýar. Munuň özi häzirki günde iki ýurduň däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň üstüni öňküden-de has çuň many we mazmun bilen doldurmaga mümkinçilik döredýär.



«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda medeniýet we sungat örän möhüm hem-de aýgytly ähmiýete eýe bolup durýar» diýlip, Ýüzlenmede bellenilýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öňküden-de giňeltmegiň ägirt uly potensialynyň bardygyny beýan edýärler. Döwlet Baştutanlary Festiwala gatnaşyjylara onuň işinde uly üstünlikler, döredijilik ylhamyny we bu ajaýyplyklary, ruhy gymmatlyklarymyzy, däplerimizi we milli medeniýetlerimiziň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmäge adamlary çekmek ýaly şeýle asylly işde täze üstünlikler gazanmagy arzuw etdiler.



Bu sözler şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Munuň özi şeýle giň möçberli dostluk, medeniýet we sungat baýramyny geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin ýygnananlaryň çuňňur minnetdarlyk duýgularynyň alamatyna öwrüldi.



Soňra meýdançada Festiwala bagyşlanan aýdym ýaňlandy. Şonuň bilen hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat işgärleriniň bilelikdäki konserti açyldy. Sahnada baýramçylyga mahsus bolan sazly, aýdymly, tansly çykyşlar biri-birlerini çalşyrdy.



Milli saz gurallary, halk aýdymlary, däbe öwrülen milli lybaslaryň aýdyň reňk öwüşginleri we nagyşlary, ýerine ýetirijileriň ajaýyp owazlary we ussatlyklary tomaşaçylaryň ählisinde ýatdan çykmajak täsirler we iň şatlykly duýgular galdyrdy. Şol ýerde asyrlaryň dowamynda döredijilik däpleriniň, Gündogaryň meşhur nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň umumy ruhy miraslaryny saklamagy başaran biziň halklarymyzyň medeniýetleriniň arasynda işjeň alyş-çalyş bolup geçipdi. Şoňa görä-de, taryhyň we häzirki zamanyň baglanyşygyny aňladýan häzirki duşuşyk sungatyň beýik güýjüni ýene bir gezek tassyklady. Şol güýç bolsa adamlaryň aň-düşünjeleriniň päkizeligini wagyz edýär, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, parahatçylyga we hoşniýetlilige çagyrýar.



Eýran Yslam Respublikasynyň we Gyrgyzystanyň artistleriniň hem myhmanlar hökmünde gatnaşmaklarynda geçirilen konsertiň ahyrynda türkmen-özbek dostlugy baradaky aýdym ýaňlandy. Festiwala gatnaşyjylaryň ählisi we myhmanlar tarapyndan ýerine ýetirilen şol aýdym dostluk tansynyň äheňleri bilen utgaşyp gitdi.



Günüň ikinji ýarymynda Ruhyýet Köşgüniň sahnasynda iki döwletiň medeniýet we sungat işgärleriniň öňde duran gala-konserte bilelikdäki taýýarlyk repetisiýasy bolup geçdi. Festiwalyň birinji güni Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda Özbegistanyň milli akademiki drama teatrynyň sahnalaşdyran «Mukofat» atly pýesasy bilen tamamlandy. Bir öýde ýaşaýan adamlaryň arasynda özara gatnaşyklar, adaty ynsan duýgulary, ýönekeý we baky hakykatlar barada gürrüň berýän pýesada doganlyk döwletiň belli teatr we kino sungaty ussatlarynyň birnäçesi gatnaşýar. Olar ilkinji minutlardan ajaýyp, köstsüz oýny bilen türkmen tomaşaçylaryny özlerine bendi etdiler. Dostlukly el çarpyşmalar we ajaýyp gül desseleri özbek artistlerine berlen baha boldy.



Festiwal dowam edýär, diýmek, dostlaryň we kärdeşleriň, hoşniýetli goňşularyň we doganlaryň duşuşygy hem dowam edýär. Bu gatnaşykda täze pähimler, teklipler, biziň halklarymyzyň biri-birlerine bolan tüýs ýürekden gyzyklanmalaryny tassyklaýan oý-pikirler döreýär. Ýaşlarda milli medeniýete, halk däp-dessurlaryna hormat goýmak we aýawly çemeleşmek duýgularyny terbiýelemekde hem festiwalyň ähmiýeti az däldir. Şu günler Özbegistanyň we Türkmenistanyň döredijilik wekilleri hut şony hem görkezýärler.



Bu forumyň döwletara türkmen-özbek hyzmatdaşlygy babatda möhüm medeni waka boljakdygyna, biziň ýurtlarymyzyň döredijilik işgärleriniň we toparlarynyň arasynda jebis gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döretjekdigine, biziň halklarymyzy ruhy taýdan ýakynlaşdyrjakdygyna festiwala gatnaşyjylar we onuň myhmanlary ynanýarlar.





Yorumlar








Aktif Ziyaretçi 20
Dün Tekil 767
Bugün Tekil 226
Toplam Tekil 1637287
IP 54.161.130.145






TURAN-SAM PRINTED ISSN: 1308-8041
TURAN-SAM ONLINE ISSN: 1309-4033
Journal is indexed by:

































































5 Rebiü'l-Evvel 1438
Aralık 2016
P
S
Ç
P
C
Ct
P
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31


Üstümüze kılıç çekilmedikçe, ülkemize girilmedikçe, teb'ama cefa edilmedikçe Bizden kimseye zarar gelmez. (Fatih Sultan MEHMET)


Ekle Çıkar









Anasayfa - Amaç - Misyon - Vizyon - Faaliyetler - Tüzük - Yönetim - Yasal Uyarı - İletişim

Her Hakkı Saklıdır © 2007 - 2017 TURAN-SAM : TURAN Stratejik Araştırmalar Merkezi
Sayfa 3.504 saniyede oluşturulmuştur.

TURAN-SAM rssTURAN-SAM rss
Google Sitemap

Sayac

"Bu site en iyi mozilla firefox'ta 1280x960 çözünürlükte görüntülenir."

Turan Portal v1.3 | Tasarım TURAN-SAM , Kodlama Serkan Aygün

Turan Nedir?, Bilimsel Dergiler, En popüler Bilimsel Dergi, Endeksli Bilimsel Dergiler, Saygın Bilimsel Dergi, Türk Dünyasının en popüler ve en saygın Bilimsel Hakemli Dergisi, SSCI, SCI, citation index, Turan, Türk Devletleri, Türk Birligi, Türk Dünyası, Türk Cumhuriyetleri, Türki Cumhuriyetler, Özerk Türkler, Öztürkler, Milliyetçi, Türkçü, Turancı, Turan Askerleri, ALLAH'ın askerleri, Turan Birliği, Panturan, Pantürk, Panturkist, Türk, Dünyası, Stratejik, CSR, SAM, Center for Strategical Researches, Araştırma, Merkezi, Türkiye, Ankara, İstanbul, Azer, Azeri, Azerbaycan, Bakü, Kazakistan, Alma-Ata, Astana, Kırgız, Bişkek, Kırgızistan, Özbekistan, Özbek, Taşkent, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Aşxabad, Aşkabat, Ozbekistan, Kazakhstan, Uzbekistan, North, Cyprus, Kıbrıs, MHP, AKP, CHP, TURKEY, Turancılık, KKTC, Vatan, Ülke, Millet, Bayrak, Milliyet, Cumhuriyet, Respublika, Alparslan Türkeş, Atatürk, Elçibey, Bahçeli, Aytmatov, Bahtiyar Vahabzade, Yusuf Akçura, Zeki Velidi Togan, İsmail Gaspıralı, Gaspırinski, Nihal Atsız, Alptekin, Kürşad, Tarih, Kardeş, Xalq, Halk, Milletçi, Milliyetçi, Yürek, Ürek, Türklük, Beynelxalq, Arbitrli, Elmi, Jurnal, Nüfuzlu